Ak. Welsapar
DILDEN – DILLERE!
2009 ýylyñ 23-nji maýynda Şwesiýanyñ Göteborg şäherinde beýik türkmen klassyk şahyry Magtymgulynyñ ömrüne we döredijiligine bagyşlanan Halkara konferens bolup geçdi.
Jeýhun bile bahry-Hazar arasy,
Çöl üstünden öser ýeli türkmeniñ;
Gül-gunçasy – gara gözüm garasy,
Gara dagdan iner sili türkmeniñ.
***
Şwesiýanyñ Göteborg şäherinde 23-nji maýda beýik Magtymgulynyñ ömrüne we döredijiligine bagyşlanan Halkara konferens bolup geçdi. Bu abraýly konferensi Göteborg Türkmen kultur ojagy taýynlady. Bu konferensi geçirmek boýunça ilkibaşda ýörite guramaçylyk komiteti döredildi we ol komitet birnäçe aýyñ dowamynda ähli zerur guramaçylyk işlerini alyp bardy. Bu döwürde Magtymguly Pyragynyñ ömri we döredijiligi barada dört dilde, ýagny türkmen, iñlis, şwed we pars dillerinde ýörite çykyşlar taýynlanyldy.
Magtymgulynyñ ömri we döredijiligi baradaky edebi konferense diñe bir türkmenleriñ däl, eýse dürli halklaryñ wekilleri gatnaşdylar. Dabara gatnaşan şwed we iñlis ýazyjylary konferensiñ gurnalyşyna we onda şahyryñ döredijiligi dogrudaky edilen çykyşlara örän ýokary baha berdiler. Şwed ýazyjysynyñ sözlerine görä, bu ýatdan çykmajak waka bolan bolsa, iñlis ýazyjysynyñ sözlerine görä, Magtymgulynyñ ömri we döredijiligi hakda iñlis we şwed dillerinde edilen çykyşlar olar üçin hakyky açyş boldy.
Göteborgly türkmenleriñ köpüsi 23-nji maýda şäher kitaphanasynyñ konferens zalyna milli egin-başlaryny geýip geldiler. Konferense bu şäherde ýaşaýan parslar hem köpçülikleýin geldiler. Konferensiñ başynda giriş sözüni sözlän şäher häkimliginiñ medeniýet bölüminiñ başlygy Helena Nyhus şeýle diýdi: ”Men bu gün şäher kitaphanasynda geçirilýän bu dabara begenýärin. Biziñ şäherimiz köpmilletli, şol milletleriñ hemmesi-de biziñ şäherimiziñ umumy medeniýetine uly goşant goşýarlar. Bu gün şäheriñ merkezi kitaphanasynda türkmen klassyk şahyryna bagyşlanan konferens geçirilýär. Eger-de Göteborgda diñe şwedler ýaşan bolsa, bu tukat bolardy. Häzir welin, biziñ şäherimiz dürli medeniýetlerden ybarat ullakan baýlyga eýe. Men size bu konferensiñ üstünlikli geçmegini arzuw edýärin!”
Helena Nyhusuñ giriş sözünden soñ konferens zalynyñ sahnasyna dabarany alypbaryjylar – milli lybasly türkmen gelni Elmaý Durdypur bilen Nureddin Ýaraly çykdylar. Olar ilki sözi Türkmensähradan myhman çagyrylan we bu dabarany başdan-aýak aýdym-saz bilen bezän belli bagşy Mansura gezek berdiler. Kämil türkmen halk sazyndan soñra çykyşlar başlandy.
Professor Ýusup Azmun Magtymgulynyñ ömri we döredijiligi hakda iñlis dilinde giñişleýin maglumat berdi. Şahyryñ ömri we döredijiligi dogruda şwed dilinde çykyş eden ýazyjy Ak Welsapar Magtymgulynyñ döredijiligini döwürdeş şwed şahyrlary Olof von Daliniñ, Johan Henrik Kellgreniñ döredijiligi bilen deñeşdirdi. Bu deñeşdirmede Magtymgulynyñ XVIII asyr türkmen durmuşyndaky nogsanlaryny tankyt edýän goşgularynyñ döwürdeş şwed şahyrlarynyñ bu temadan ýazan goşgulary bilen sazlaşýandygy anyk mysallar arkaly nygtaldy. Magtymgulynyñ ”Bolar sen” atly goşgusynda şeýle setirler bar:
Belent daglar beýikligñe buýsanma,
Güdazda suw bolan zer dek bolar sen!
Tereñ derýa, haýbatyña guwanma,
Wagtyñ ýetse, guryp, ýer dek bolar sen!
Lukman kibi dertler dermanyn kylsañ,
Süleýman dek döwni permana salsañ,
Isgender dek ýeriñ ýüzüni alsañ,
Ýere ýegsan bolup, ýer dek bolar sen!(Magtymguly, Eserler, ”Türkmenistan”, 1983, 1-nji tom, 159-njy sah.)
Henrik Kellgreniñ (1751-1795) ”Kaşañ jaýlar” goşgusyndaky setirler Magtymguly Pyragynyñ ýokarda getirilen setirleri bilen ruhy we mazmun taýdan golaýdyr:
Eger hakykatyñ gödek oduna
Gözleriñ gös-göni bakyp bilsedi,
Görerdiñ sen öz ýüregiñ tümünde,
Geñler galyp, meger, edil şol demde
Hars urup ýygnalan hazynalaryñ
Ýok boluşyn göz gyrpasy salymda!
Beýik türkmen şahyry Magtymguly ýaly onuñ döwürdeşleri bolan Henrik Kellgrendir käbir beýleki şwed şahyrlary-da begleri, baýlary men-menlikden saklanmaga, ýönekeý halka rehimli bolmaga, kyn günde mätäçleri, ejizleri, ýetimleri goldamaga çagyrypdyrlar.
Magtymgulynyñ döredijiligi hakda pars edebiýatçysy we jemgyýetçilik işgäri Reza Talebi giñişleýin çykyş etdi. Türkmensähranyñ görnükli şahyry Aýdy Ownugyñ Magtymguly hakdaky türkmençe çykyşy-da, Germaniýaly Eýýup Gerkeziñ ”Magtymgulynyñ döredijiliginde satiriki äheñ” diýen temadan eden çykyşy-da konferense gelenlerde örän gowy täsir galdyrdy. Edebiýaty söýüji, Magtymgulynyñ ömrüne we döredijiligine bagyşlanan bu abraýly konferensi gurnaýjylaryñ biri Aşyrmämmet Deveji türkmen dilinde Kerim Gurbannepesiñ Magtymgula bagyşlanan ”Pyragynyñ gaşynda” diýen goşgusyny okady.
Konferense öz makalalaryny goşant hökmünde iberen Kümüşdepeden Hamid Kaminiñ, „Magtymguly we türkmeniň milliligi”, Kanadadan Hangeldi Ownugyñ „Magtymgulynyň eserlerinde romantizm”, Bender-türkmenden Maşatguly Gyzylyñ, „Magtymgulynyň syrly setirleri“, Pragadan Akmyrat Gürgenliniñ, „Magtymguly kim bolupdyr?“, şeýle-de Gümmetkabusdan Abdylla Kahharyñ, Akgaladan Ýedulla Sähnäniñ, Bender-türkmenden Tañyrguly Ýylgaýyñ, Gümmetkabusdan Annadurdy Onsorynyñ atlary konferense gatnaşanlaryñ dykgatyna ýetirildi. Eýranly türkmen suratçysy Annamuhammet Sheýh bu dabara Magtymgulynyñ portretini ýollapdyr. Magtymgulynyñ kanoniki portretine golaý bolsa-da, bu eseriñ modern häsiýetde ýerine ýetirilendigini bellemek gerek.
Doganlar Saradyr Samie we Ezizedir Sahyda türkmeniñ milli lybasynda küştdepdi tansyny ýerine ýetirenlerinde, konferense gatnaşyjylar Saranyñ ýolbaşçylygyndaky bu tansçy gyz-gelinleriñ toparyny şowhunly elçarpyşmalar bilen hormatladylar.
Magtymgulynyñ ömrüne we döredijiligine bagyşlanyp Şwesiýada geçirilen konferense iñ uly we saldamly goşant goşanlaryñ biri-de Türkmensähraly şahyr Gafur Hojadyr. Ol konferensiñ guramaçylyk işlerine başdan-aýak gatnaşmak bilen dabarada ulanylan hem ýaýradylan ululy-kiçili reñkli posterleriñ dizaýnyny ussatlyk bilen ýerine ýetirdi. Netijede beýik şahyryñ dabaraly konferensi şahyr Gafur Hojanyñ yhlasy siñen suratlardyr posterler bilen bezeldi.
Dabara gatnaşan şwed we iñlis ýazyjylary Magtymgulynyñ döredijiliginiñ özlerinde uly gyzyklanma döredendigini belleseler, Germaniýadan gelen dr. Berdi Ahangari bu dabara şeýle baha berdi: „Özüniñ netijeliligi boýunça Magtymgulynyñ ömrüne we döredijiligine bagyşlanan bu konferens gürrüñsiz taryhy ähmiýetli wakadyr.“
Beýik türkmen klassyk şahyry Magtymgulynyñ döredijiligi dilden dillere, ilden illere öz şöhratly ýoluny dowam edýär.
„Gün“ neşirýatynyñ maglumaty, 2009-05-25

0 Comments:
ارسال یک نظر
<< Home