Seýit Ymameddin Nesimi
XIV-XV asyrlarda ýaşap geçen dünýä belli türkmen şahyry Seýit Ymameddin Nesiminiň doglan wagty we ýeri resmi çeşmeler arkaly anyk bolmasa-da, onuň Rumustana degişli Halap şäherinde, türkmenleriň köp ýaşan ýerinde dünýä inendigi barada şeýle rowaýat bar: “Müsürde Mansur al-Hallaç dara çekilýär. Ölmeýär. Ony parçalaýarlar. Her parçasyndan ses çykyp duransoň gorkup, ony otlaýarlar. Şonuň külünden Zunnun atly ruhany bir gysymyny alyp galýar. Şol wagtam harasat gopup, deňizler joşup, Müsüri suw basyp başlaýar. Zunnun şol bir gysym küli suwa atýar weli, joşgun yzyna gaýdýar. Kül köpürjik bolup, suwuň ýüzünden akyp, derýa arkaly Halaba gelýär. O ýerdenem ýaba düşýär. Halabyň emiriniň gyzy tötänden şol köpürjikli suwy içýär. Şondanam hamyla bolýar we bir çaga dünýä inýär. Oňa Seýit diýip at goýýarlar. “ Ýöne Ymadutdin hem diýýär ekenler.
Alyşir Nowaýy “Nesaimul Muhubbet” atly tezkiresinde Nesimi barada şeýle maglumat berýär: “Seýit Nesimi Yrak we Rum tarapdaky mülkden eken. Rum türkmenleriniň dilinde goşgy aýdypdyr. “
Nesimi özüniň gelip çykyşy boýunça türkmen bolupdyr. Yrakda, Siriýada, Liwanda ir wagtlardan bäri türkmenler ýaşapdyrlar, olar şol ýerlerde häzirem ýaşaýarlar.
Nesiminiň Halapda öldürilendigi belli.
Nesiminiň döredijiligi ýokary çeperçiligi, çuňňur many-mazmunlylygy bilen tapawutlanýar. Ol ýaşlygyndan tä jesedinden jany çykýança, diriligine derisini soýup durkalaram, goşgy döredipdir.
Onuň ýiti pikiri, özboluşly, batyrgaý dünýägaraýşy, döredijiliginiň ruhubelentligi we köptaraplylygy akylyňy haýran edýär. Ol gazal ýazmakda türkmen edebiýatynyň düýbüni tutujydyr. Onuň gazallarynda gözellik, görk we söýgi wasp edilmek bilen birlikde öz ýaryna bolan garaýşy we gatnaşyklary arkaly kähalatlarda şahsy duýgulary jemgyýetçilik pikiriniň derejesine çenli ösdürilýär. “Olmasyn” gazalynda:
Maňa dilber, ýeter sen, özgeler ýar olmasyn, Bir olar ýar, iki olmaz, iki zynhar olmasyn.
diýip, öz pikirini belent ahlak duýgulary bilen utgaşdyrýar. Gazalda şol döwürdäki köp aýallylyga garşy çykylýar, bir ýar, bir aýal bilen oňňut etmek, ýaşamak meýli öňe sürülýär.
Durmuşda hemme adamlar, şol sanda erkek bilen aýal deň bolmalydyr, söýgi meselesinde azat bolmalydyr diýen oňyn matlap öňe sürülýär. Bu matlap Nowaýynyň söýgi lirikasynyň içindenem eriş-argaş bolup geçýär.
Nesiminiň döredijiliginde onuň ýiti synçylygy äşgär duýulýar. Onuň köp sanly şygyrlarynda, şol bir wagtyň özünde yşky lirikasynda hem adam häsiýetleriniň köp taraplary açylyp görkezilýär. Şahyr “Bellidir” goşgusynda:
Her kişiniň sormaň aslyn, yzzatyndan bellidir, Söhbeti irfan görenler hyzmatyndan bellidir. . . Eý, Nesimi, nagdyňy nadan eline berme kim, Jöwheri dana biler kim gymmatyndan bellidir –
diýmek bilen şahyr adamyň aslyny sorap bilmegiň edepsizlikdigini, özüni alyp barşyndan, edebinden, hormatyndan, hereketinden, söz urşundan, oturyp-turşundan, kimdigini aýan edýändigini belleýär.
Nesimi dini-sopuçylyk garaýyşly şygyrlar, mesnewi we rubagy hem ýazypdyr.
Nesimi özüni hudaýyň bir bölegi saýan şahyrdyr. “Enel-hak, menel-hak!” diýip ýaşaýar we döredýär. Bu “Menem-hak, senem-hak”diýdigidir. Şonuň üçinem onuň diriligine dabanyndan soýup, derisini sypyryp alýarlar. Bu barada Magtymguly şeýle ýazýar:
“Nesimini dabanyndan soýdular. “
Nesiminiň hormaty ata Watany bolan Garaşsyz Türkmenistanda belentden tutulýar. Onuň hormatyna dürli žanrda eserler döredildi. I. Nuryýew “Rowaýat”, A. Atajanow “Nesimi”goşgularyny; Andalyp “Nesimi”, A. Agabaýew “Sorag alamaty” poemalaryny; Nazar Gullaýew “Pähimiň pidasy” tragediýasy esasynda “Nesimi” dramasyny döretdi. Bu drama sahnalaşdyryldy we tomaşaçylara ýetirildi.
1993-nji ýylda Nesiminiň şygyrlar diwanynyň üç jiltligi (tomlugy) neşir edildi.
Türkmen sen
Eger ki janda sen, janda nahan sen, Ki jandan aýry ýok sen, belki, jan sen.
Kişi bermez nyşan senden eger ki, Ýer-u gök dop-doly jümle nyşan sen.
Nije gizlu diýem menden seni kim, Ne ýana bakaram anda aýan sen.
Hajel eýlär ruhuň husn ile aýy, Meger, sen fitiýeýi ahyrzaman sen.
Arapnyň nutgy baglandy dilinden, Seni kimdir diýen kim, türkmen sen.
Jany terk eýledim, geçdim jahandan, Seni bildim ki jan ile jahan sen.
Görünen sen, gören sen-sen gözümde, Ne bar söýlemeseň, külli lisan sen.
Hakykat wehýi mutlakdyr bu sözler, Bu sözi bil ki andan terjiman sen.
Etegiň silk ahyr tozly jahandan, Ne ahyr zubdeýi köwnu mekan sen.
Nesimi, sür bu gün döwran seniňdir,Äjäp kim Hysrowy sahyp zaman sen.
Mendedir
Aşyka, gelgil bäri, jan birle janan mendedir, Zahyda, sen kaýda sen, nur ile iman mendedir.
Mendedir ol ýer-u göknüň hikmeti hem gudraty, Ot bile toprak, howa, suw, jümle ihsan mendedir.
- Hak tagala inderipdir asmandan dört kitap, Men any menzur kylman, çünki furkan mendedir.
Ne bakar sen ol kitapnyň agyna, garasyna, Aç gulagyň diňlegil, awazy Gurhan mendedir.
Men – Nesimi soralaram Şahymerdan nesliden, Ger kabul kylsa halaýyk aýdy gurban mendedir.
Sözi
Ähli magnynyň hemişe dürru merjandyr sözi, Ger özi küfr olsa olsun gerçi imandyr sözi.
Içine bakgyl sen anyň, ne bakar sen daşyna, Daşyny daşgary taşla, göwheri kändir sözi.
Hak tagaladan saňa her dem geler dürli hatab, Rast sözlär sözüni ol şahy destandyr sözi.
Jahylyň girme sözüne ki akyl-u dana iseň, Jahylyň wallah-billäh, külli ýalgandyr sözi.
Eý, Nesimi, kimse bilmez bu magnynyň syrryny, Sözle kim ähli magny derde dermandyr sözi.
Maglumatlar Almagül Ýusubowanyň «Türkmen edebiýatynyň taryhy ösüş döwürleri» atly kitabyndan alyndy. «Başkent» bilim merkeziniň neşirleri. Aşgabat 2005.

0 Comments:
ارسال یک نظر
<< Home