AVDY KULYNYÑ ARADAN ÇYKANYNA BU GÜN BIR ÝYL DOLÝAR
Türkmenistanyñ ilkinji Daşary işler ministri, Türkmenistanyñ Birleşen Demokratik Oppozisiýasynyñ baştutany Avdy Kulynyñ aradan çykanyna bu gün bir ýyl dolýar.
Avdy Kuly 2007 ýylyñ 10-njy aprelinde uzaga çekmedik agyr keselden soñ Norvegiýanyñ paýtagty Oslo şäherinde aradan çykdy. Onuñ jesedi şondan birnäçe gün soñ, 20-nji aprelde Oslo şäheriniñ musulman gonamçylygynda uly hormat bilen ýere depin edildi.
Türkmenistanyñ Birleşen Demokratik Oppozisiýasynyñ we Türkmenistanyñ ”Agzybirlik” Demokratik Halk Hereketiniñ Daşary ýurt bölüminiñ ýolbaşçylygy bu gussaly sene bilen baglanyşykly merhumyñ maşgalasyna we onuñ ýakyn hossarlaryna öz çuññur gynanjyny mälim edýär.
Avdy Kuly dünýäden öten-de bolsa, onuñ halalhon we salykatly keşbi biziñ ýüreklerimizde ebedilik ýaşar. Türkmenistanlylaryñ köpçüliginiñ biziñ gynanjymyza goşulýandygyna biz ynanýarys.
Avdy Kuly mert hem halal ýaşap, öz ömrüni dogduk iliniñ, dogduk topragynyñ ýagty geljegi ugrundaky asylly göreşe bagş etdi. Şonuñ üçin hem onuñ ýagty ýadygärligi egindeşleriniñ, öz halkynyñ ýüreginde, ruhy bolsa jennetiñ töründedir.
Bu gün Türkmenistanda, Europada we Amerikada Avdy Kuly ýagşylykda ýatlanyp, onuñ ruhuna sadakalar berilýär. Onuñ demokratiýa ugrundaky alyp baran göreşini onuñ ýakyn egindeşleri dowam etdirýärler. Bu parahatçylykly, ýagşy niýetli göreşiñ hökman ýeñiş bilen tamamlanjakdygyna hiç hili şübhe bolup bilmez.
G.Ataýev,Türkmenistanyñ Birleşen Demokratik Oppozisiýasynyñ egindeş başlygyPariz, 2008-A.Welsapar, ýazyjyStockholm
2008-04-10
0 Comments:
ارسال یک نظر
<< Home